Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gyrgyzystan: 20-ä golaý adam ýaralandy


Gyrgyzystanyň demirgazyk-günbatarynda demonstrantlaryň we ýurduň polisiýasynyň arasynda bolan çaknyşykda azyndan 17 adam ýaralandy.

Gürrüňi edilýän demonstrantlar Talas welaýatynyň golaýyndaky altyn gazyp almak işleriniň daşky-gurşawy hapalamagyna garşy protest bildirýärdiler. Aglabasy Bu-Terek obasyndan bolan 150 çemesi protestçi esasy ýoly ýapmaga synanyşdylar.

Maglumatlara görä, iki polisiýa ofiseri keselhana ýerleşdirilipdir. Soňky maglumatlarda gürrüňi edilýän territoriýadaky ýoluň heniz hem ýapyklygyna galýandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň hökümeti protestçiler bilen gepleşikleri geçirmek üçin durnuksyzlygyň bolan ýerine öz resmilerini ugratdy.
XS
SM
MD
LG