Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýaponiýadaky gämilerini köpelder


Birleşen Ştatlar Ýaponiýada 2017-nji ýyla çenli raketa gorag sistemasy bilen enjamlaşdyrylan söweş gämileriniň ýene ikisini ýerleşdirmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Çak Heýgel bu karary şenbe güni, Tokioda Ýaponiýanyň goranmak ministri Itsunori Onodera bilen geçiren gepleşiklerinden soň yglan etdi.

Heýgel žurnalistlere bu karara Demirgazyk Koreýanyň golaýda raketa atmagy ýaly prowokatiw hereketleri sebäpli gelnendigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýa geçen aý orta aralygya ýetýän, emma Ýaponiýany urup biljek iki sany ballistik raketany synag etdi.
XS
SM
MD
LG