Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukraina: 15 adam tussag edildi


Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy aglaba köplügi rus dilli ilat bolan gündogar regionda häkimiýeti agdarmagy planlaşdyrmakda güman edilýän 15 adamy tussag edendigini aýdýar.

Howpsuzlyk gullugy şenbe güni bu toparyň 10-njy aprelde Luhansk regionynda häkimiýeti ýaragly ele geçirmegi planlaşdyrandygyny aýtdy.

Howpsuzlyk operasiýasy mahalynda köp möçberde ýaragyň ele salnandygy aýdylýar.

Şu hepdäniň başynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy 25 sany ukrainalyny Orsýete hüjüm etmegi planlaşdyrmak gümany bilen tussag edipdi.

Şu arada Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Orsýeti tebigy gazyň bahasyny aşa galdyrandygy üçin suda berjegini aýtdy.

Orsýet geçen hepde Ukraina satýan gazynyň bahasyny iki gezek gymmatlatdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG