Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ban owgan saýlawçylaryny gutlady


Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Ban Ki-mun Owganystanda 5-nji aprelde geçirilen prezidentlik saýlawlaryna ses bermäge gatnaşan owgan saýlawçylaryny gutlady.

Özüniň metbugat wekili tarapyndan ugradan hatynda Ban Owganystanyň ses berişligini “taryhy” we ýurduň hökümetiniň ilkinji demokratik geçişinde “wajyp ädim” diýip atlandyrdy.

Ban saýlawçylar “gorkuzmalara we haýbatlara garamazdan”, “ ýowuzlyklary amala aşyrýan jenaýatçylaryň ýeňip bilmejekdigini görkezýän güýçli habar berdiler” diýdi.

Owganystanda “Talyban” hereketiniň saýlawlary bulaşdyrmak barada haýbat atmagyna garamazdan, ses bermäge ukyply 12 million saýlawçydan takmynan 7 milliony saýlamak üçin ses berdi.

Prezidentlik saýlawlarynyň deslapky netijeleriniň 24-nji aprelde we soňky netijeleriniň hem 14-nji maýda yglan edilmegine garaşylýar.

Saýlawlarda dalaşgärleriň hiç biri 50%-den köp ses almasa, onda sesleriň aglabasyna eýe bolan iki kandidatyň arasynda 28-nji maýda gaýtadan bäsleşik geçiriler.
XS
SM
MD
LG