Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Ukrain önümleri gadagan edildi


Russiýanyň alyjylaryň hukuklaryny goraýan gullugy Ukrainanyň süýt önümlerini öndürýän alty kompaniýasyndan harytlary import etmegi togtadandygyny habar berýär.

“Rospotrebnadzor”-yň ýaýradan beýanatynda Ukrainadan getirilýän süýt önümleri laboratoriýa barlaglaryndan geçenden soň, onuň süýt önümleriniň kadalaryny bozýandygy kesgitlenildi diýilýär.

Gürrüňi edilýän beýanatda “Rospotrebnadzor alyjylaryň hukuklaryna kepil geçmek üçin Ukrainanyň [alty] süýt öndürijisiniň harytlaryny Russiýa import etmekden saklandy” diýilýär.

Bu ädim Ukrainanyň Krym sebiti Russiýa tarapyndan anneksiýa edileni bäri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşýandygyny görkezýän alamatlaryň biridir.
XS
SM
MD
LG