Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wena: Eýranyň ýadro meselesine garalýar


Eýran we dünýäniň iň täsirli alty döwletiniň Wenada geçirýän gepleşikleri Eýranyň ýadro programmasynyň daşyndaky aladalanmalaryň soňuna çykmak maksadyna gönükdirilýär.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif gepleşikleriň öňüsyrasynda eden çykyşynda Wenadaky iki günlük gepleşikleriň üstünlikli bolmagyna we taraplaryň maý aýynyň ortalarynda jemleýji dokumentiň taslamasyny düzmegine ýol açmagyna umyt baglady.

Resmileriň aýtmagyna görä, iki tapgyrdan ybarat bu gepleşikler uzak möhletleýin ylalaşyga giriziljek meselelere gönükdirilýär.

Eýranyň we dünýäniniň iň täsirli alty döwleti bolan ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň geçen ýylyň noýabr aýynda baglaşan wagtlaýyn ylalaşygyna laýyklykda, Tähran öz ýadro pogrammasyny togtatmaga, halkara jemgyýetçiligi bolsa sanksiýalaryny gowşatmaga razy boldular.

Alty aýlyk möhleti bilen baglaşylyp, şu ýylyň ýanwar aýynda güýje giren bu ylalaşyk jemleýji ylalaşyga çenli gepleşikler üçin wagt berýär.
XS
SM
MD
LG