Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Orsýetiň hereketi “taryhy ýalňyşlyk”


NATO-nyň Baş sekretary Andres Fogh Rasmussen Orsýetiň Ukrainanyň gündogaryna goşulyşmagynyň “taryhy ýalňyşlyk” boljagyny duýdurdy we Orsýetden Ukrainanyň serhedinden goşun çekmegi talap etdi.

8-nji aprelde Parižde eden çykyşynda Rasmussen Orsýetiň mundan beýläk Ukraina goşulyşmagynyň Moskwanyň NATO bilen gatnaşyklaryna “uly täsir” ýetirip biljegini we “Orsýetiň halkara üzňeligine” getirip biljekdigini belledi.

Rasmussen özüniň ozalky çykyşynda Orsýeti Ukrainanyň serhediniň golaýynda ýerleşýän onuň öz sözi bilen aýdylanda “onlarça müň” harbysyny yzyna çekmäge çagyrypdy.

NATO-nyň ýolbaşçysynyň çykyşynyň öňüsyrasynda Ukrainanyň häkimiýetleri orsýetparaz protestçilere garşy durmak boýunça çärelere başlandygyny yglan etdiler.

Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginden soň NATO Orsýet bilen ähli praktiki hyzmatdaşlygyny bes edip, gündogardaky agza döwletlerinde öz goşunlarynyň sanyny artdyrmaga başlady.

Moskwa NATO-daky harby wekilini yzyna çekdi.
XS
SM
MD
LG