Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arzyňy nädip eşitdirmeli?


Türkmen enesi
Türkmen enesi
Türkmenistanda raýatlaryň häkimiýetlere arzyny, şikaýatlaryny ýetirip, öz meselelerini adalatly çözüp bilmegi üçin ýeterlik kanun kepillikleriniň bardygy aýdylýar.

Ýagny raýatlar düzgün boýunça öz ýaşaýan etraplarynyň, welaýatlarynyň degişli bölümlerine bellenen tertipde ýüz tutup, ýa-da bolmasa kanun goraýjy guramalara arza ýazyp, öz meselelerini kanun esasynda çözüp bilmeli.

Mundan başga, raýatlaryň düzgün boýunça merkezi guramalara, ýurduň prezidentine, hökümet başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlik we pudak ýolbaşçylaryna, şol sanda Adalat ministrligine, Ýokary suda, Baş prokuratura, jemgyýetçilik guramalaryna hem ýüzlenmek mümkinçiligi bar.

Ýurduň prezidenti hem ilatyň arza-şikaýatlaryna eserdeň seretmelidigini we wagtynda jogap bermelidigini ýatladyp durýar.

Emma ýurt içinden gelýän habarlarda häkimiýetlere arz edip, meseläni adalatly çözmegiň köp adama başartmaýandygy, kählatada bolsa arz-şikaýatlaryň iberilen ýerine ýetmän, üstünden arz edilen ýolbaşçylara gelip gowuşýandygy, adamlaryň arz etmekden howatyrlanýan halatlarynyň hem az däldigi aýdylýar. Sebäbi arz eden adamyň “garadonly” edilýän, “arzaçy” diýlip ýekirilýän wagty hem az däl diýen maglumatlar bar.

Türkmenistanda metbugat we söz azatlygy bolmansoň, adamlar arzyny eşitdirmek üçin Azatlyk Radiosyna hem ýüz tutýarlar.

Olar käte özleriniň hiç bir alaçsyz galýandyklaryny, sebäbi ýönekeý adamyň arzyny diňletmeginiň barha kynlaşýandygyny gürrüň berýärler.

Eýsem Türkmenistanda raýatlar arzyny nädip eşitdirmeli? Bu barada kim näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosy nobataky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.
Pikirleriňize, bellikleriňize, söhbete goşulyp, öz tejribeleriňizi paýlaşmagyňyza garaşýarys.
XS
SM
MD
LG