Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: SSSR-yň dargamagynyň derňelmegi soralýar


Russiýanyň kanunçykaryjylarynyň bir topary ýurduň baş prokuraturasyndan 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy barada derňewleri başlatmaklary üçin resmi taýdan ýüz tutdylar.

Russiýanyň belli “Izwestiýa” gazetiniň 10-njy aprelde çap eden maglumatynda Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň häkimiýetdäki “Bütewi Russiýa”, “Kommunist” we milletçi “Liberal demokratik” partiýalarynyň agzalarydygy habar berilýär.

Kanun çykaryjylar öz hatynda Sowet ýolbaşçylary Sowet Soýuzyny “bikanun” ýok etdiler, sebäbi 1991-nji ýylda geçirilen referendumyň netijelerine görä, bileleşigiň raýatlarynyň aglabasy SSSR-yň goralmagyny isleýärdi diýýärler.

Şeýle-de, gürrüňi edilýän deputatlar öňki Sowet Soýuzynyň prezidenti Mihail Gorbaçýowyň hem derňelmegini isleýärler.
XS
SM
MD
LG