Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Ýanukowiç ekstradisiýa edilmez


Russiýa Ukrainada jenaýatlar bilen aýyplanýan ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçi Kiýewe ekstradisiýa etmejekdigini aýtdy.

Russiýanyň baş prokurory Ýuriý Çaýka 11-nji aprelde Krymyň Simferopol şäherinde eden çykyşynda aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin, Ukrainanyň kanuny prezidentiniň Kiýewe ugradylmajakdygyny belledi.

Çaýka aýratynam, Ýanukowiçiň “hiç hili jenaýat etmändigini” hem sözüne goşdy.

Fewral aýyndan başlap Ukrainanyň hökümeti Ýanukowiçiň ekstradasiýa edilmegi üçin iş alyp barýarlar. Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen pakta gol goýmakdan ýüz öwürensoň, Ukrainada oňa garşy protestler başlapdy. Ol şondan soň Ukrainany terk edipdi.

Ýanukowiç Ukrain ýolbaşçylary tarapyndan, Kiýewdäki ýaragsyz protestçilere ot açmaklary üçin ýurduň howpsuzlyk gulluklaryna buýruk bermekde aýyplanýar. Şol wakada 100 çemesi adamyň ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG