Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MakKeýniň Moldowa geljegi aýdylýar


Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Moldowan gullugy, Moldowanyň daşary işler minisкrliginiň resmisine salgylanyp, amerikan senatory Jon MakKeýniň 17-nji aprelde Kişinewa sapara geljegini aýdýar.

Respublikan partiýadan prezidentlige kandidat bolan MakKeýn 12-nji martda Gürjüstanyň we Moldowanyň basymrak NATO-nyň gurluşlaryna goşulmagyna çagyryp çykyş etdi.

Bu ýerde Orsýetiň Ukrainanyň üsti bilen Moldowanyň bölüniji Transdinestr regionyny eýelemek ähtimallygy barada barha ýokarlanýan aladalar bar.

Orsýete tarapdar Transdinestr 1990-njy ýylda Moldowadan garaşsyzlygyny jar etdi we iki tarap gysga wagtlyk urşa girdi. Bu regionyň garaşsyzlygy hiç bir ýurt tarapyndan ykrar edilmedi.

Orsýetiň bu ýerde şindi hem 1400 çemesi esgeri bar. Moskwa olary parahatçylyk esgeri diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG