Türkmenistanda prezidentiň saparlary, baýramçylyklar, täze binalaryň açylyş dabarlary ýaly çäreleriň tas ählisi diýen ýaly uly şowhun-dabara, köp sanly adamlaryň tans oýnamagy, baýdaklary galgatmagy bilen bellenilýär.Türkmenistanyň döwlet telewideniýesidäki sýužetlerde bu çärelere gatnaşyjylaryň ýüzlerinden şatlyk duýgulary hiç aýrylmaýan bolsa, arka sahnadaky görnüşlerde adamlaryň ysgyndan düşen pursatlaryny synlamak bolýar.
Köpçülikleýin çäreleriň arka ýüzi

1
Köpçülikleýin çärede ysgyndan düşen daýzalar.

2
Awtobusyň içine dykyn edip salnan talyplar köpçülikleýin çärä barýarlar

3
Mekdep mugallymlary stadionda geçirilmeli köpçülikleýin çärä görülýän taýýarlyk pursady okuwçylara gözegçilik edip durlar.

4
Köpçülikleýin çärelere tans oýnaýan, aýdym aýdýan gartaşan adamlar hem gatnaşdyrylýar. Döwlet telewideniýesinde ýaşuly adamlar gaty "hereketli" bolup görünseler-de, arka sahnalarda olaryň ýadaw, ysgyndan düşen şekillerini hem görmek bolýar.
Teswirleri gör (1)
Has köp teswir ýükle