Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Nigeriýada partlama boldy


Nigeriýanyň paýtagty Abujanyň etegindäki awtobus duralgasynda bolan azyndan bir partlamada azyndan 71 adam öldi we başga-da 124 sanysy ýaralandy. Bu barada Nigeriýanyň polisiýasy habar berýär.

Gürrüňi edilýän waka 14-nji aprelde ir bilen ýüzlerçe adamyň işe barýan mahaly boldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Nigeriýanyň merkezinde we demirgazygynda ençeme hüjümi amala aşyrmakda güman edilýän yslamçy “Boko Haram” söweşiji topary bu partlamany amala aşyrmakda güman edilýär.

Yslamçy söweşijiler 2011-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Abujadaky jaýyna janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjümini özleriniň gurnandygyny öňe sürüpdi. Şol wakada partladyjy serişdeler ýerleşdirilen iki ulagyň guramanyň binasyna sürülip, partladylmagy netijesinde 20-den gowrak adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG