Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siluanow: Şu ýyl Orsýetde ösüş bolmaz


Orsýetiň maliýe ministri 2014-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetinde ösüşiň düýpden bolmajagyny aýdýar.

Anton Siluanowyň 15-nji aprelde hökümet maslahatynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, Orsýetiň ykdysadyýeti “2008-nji ýylyň krizisinden bäri iň uly kynçylyklar” bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Siluanow ýurduň umumy içerki önümçiliginiň 0.5 % derejesinde bolmagynyň çak edilýändigini mälim etdi. Şeýle-de, Orsýetiň maliýe ministri şu ýylyň birinji çärýeginde ýurduň daşyna çykarylan maliýe serişdeleriň möçberiniň 50 milliard dollara barabardygyny aýtdy we geosyýasy durnuksyzlygyň hem Orsýetiň Ukrainadaky krizise goşulyşmagynyň ýagdaýa täsir ýetirýändigini belledi.
XS
SM
MD
LG