Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Aýyplamalar “boş gürrüňler”


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň gündogaryndaky häzirki separatist dartgynlylykda rus esgerleriniň ýa-da gizlin gulluklarynyň gatnaşygynyň bardygy baradaky aýyplamalary “boş gürrüňler” diýip, olary ret etdi.

Putin 17-nji aprelde geciren sorag-jogap görnüşindäki duşuşygynda Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlylyklara “diňe ýerlileriň” gatnaşandygyny aýtdy. Putin rus halky bilen sorag-jogap görnüşindäki şeýle duşuşyklary her ýyl geçirýär.

Şeýle-de duşuşykda Putin mart aýynda Krymda geçirilen separatist referendum mahaly ýerli “öz-özüňi goraýyş” güýçleriň arkasynda rus güýçleriniň durandygyny köpçülikde ilkinji gezek boýun aldy.

Ýokary derejede guramalaşdyrylan sorag-jogap duşuşygy Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýlara we Krym anneksiýasyna gönükdirilendir.

Putin fewral aýynda Ukrainada bolan wakalary “konstitusiýa laýyk gelmeýän agdarylyşyk” diýip atlandyryp, şondan soň Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky ilatyň öz geljegi barada howsala düşendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG