Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Bişkek: Partlamada iki çaga öldi


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken welaýatynda bolan partlamada iki çaga öldi we başga-da dört çaga ýaralandy. Ýaralanan çagalar keselhana ýerleşdirildi.

17-nji aprelde 4 we 10 ýaş aralygyndaky çagalar obadan tapan partladyjy serişdeleri bilen oýnaýan mahaly ýaryldy.

Gürrüňi edilýän territoriýa 1999-2000-nji ýyllar aralygynda “Özbegistanyň Yslamçy hereketiniň” söweşijileri bilen Gyrgyz howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklaryň bolan sebitidir.

Sülçiler 17-nji aprelde partlan bu serişdäniň şol çaknyşyklardan galan granatlar bolmagynyň ahmaldygyny çaklaýarlar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew wakada ölen çagalaryň ene-atasyna gynanjyny bildirip, heläk bolan we ýaralanan çagalaryň maşgalalarynyň maliýe kömegi bilen üpjün edilmegi üçin tabşyryk berdi.
XS
SM
MD
LG