Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Abutalebä wiza bermeýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama eýranly diplomat Hamid Abutalebä amerikan wizasynyň berilmeginiň öňüni baglaýan kanuna gol çekdi.

Abutalebi Tähranyň BMG-däki täze ilçisi bolmalydy. Ol 1979-njy ýylda, Tähranda bolan yslam rewolýusiýasyndan soň, amerikan diplomatlarynyň zamun alynmagyna ilteşiklilikde aýyplandy.

Abutalebi özüniň şol krizis başlanda Tähranda bolmandygyny, emma soň zamun alyjylara terjimeçilik edendigini aýtdy.

Obama amerikan Kongresiniň ABŞ we onuň ýaranlaryna garşy içalyçylyk ýa-da terrorçylyk işleri bilen ilteşikli bolan islendik şahsyýetiň, eger milli howpsuzlyga wehim salmak ähtimallygy bolsa, Birleşen Ştatlara girmeginiň öňüni baglamak barada tassyklan kanun taslamasyna gol çekdi.

Birleşen Ştatlar Abutalebä wiza bermejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG