Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende özbek doktory azat edildi


13-nji aprelde demirgazyk Ýemende, işleýän hassahanasyndan alnyp gaçylan özbek doktory azat edildi.

Doktoryň 19-njy aprelde, Marib welaýatynyň tire araçylary ony saklaýan ýaragly adamlar bilen gepleşik geçirenden soň boşadylandygy aýdyldy.

Ýemen resmileri ady aýdylmaýan özbek doktorynyň araçylara berlendigini we welaýat paýtagtyna getirilendigini aýtdylar.

Ýemende daşary ýurtlulary alyp gaçmak adaty bir zat. Bu iş köplenç yslamçy jeňçiler, şonuň ýaly-da tire adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG