Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Putin raýatlyk kanunyna gol goýdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öňki Sowet Soýuzynyň çäginde ýaşaýan rus dilli raýatlaryň Russiýanyň raýatlygyny almak baradaky düzgünlerini ýönekeýleşdirýän we Russiýada işleýän migrant işçileriň borçnamalary barada kanunlara gol goýdy.

“ITAR-TASS” habar gullugynyň 21-nji aprelde beren maglumatyna görä, raýatlyk baradaky bu kanun “Russiýa federasiýasynyň territoriýasynda, şol sanda SSSR-yň düzüminde hemişelik ýaşaýan ýa gürrüňi edilýän territoriýalarda hemişelik ýaşaýan dogan-garyndaşy bar bolanlar ýa-da mundan ozal bu territoriýada ýaşan” rus dilli adamlara Russiýanyň raýatlygyny almak mümkinçiligini döredýär.

Gürrüňi edilýän bu kanun esasynda rus raýatlygyny almak düzgünleriniň ozalkydan has ýeňil we çaltlaşdyrylan görnüşde amal ediljekdigi aýdylýar.

Putiniň gol goýan beýleki kanunyna görä, Russiýada işleýän migrant işçiler rus dilini, taryhyny we Russiýanyň kanuny barada esasy faktlary bilmäge borçly edilýär. Migrantlar Russiýadaky ýaşamaga ygtyýarnamasynyň möhletini uzaltmak üçin resmilere ýüz tutanda gürrüňi edilýän borçnamalar baradaky maglumatyny, ylmyny subut etmeli bolarlar.
XS
SM
MD
LG