Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tatar lideri Tatarystany tankytlaýar


Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Jemilew Orsýetiň Tatarystan regionynyň ýolbaşçylary Krym üstündäki konflikt mahalynda özlerini «Kremliň hyzmatkärleri ýaly alyp bardylar» diýdi.

"Biz Tatarystanyň ýolbaşçylaryny tatar halkynyň liderleri diýip bilmeýäris» diýip, Jemilew Azatlyk radiosynyň tatar gullugy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

«Eger Tatarystanyň ýolbaşçylary Kremliň aýdanyny etmeseler, olar wezipede oturyp bilmezler» diýip, Jemilew sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG