Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bedew baýramy: Berdimuhamedow ýene birinji boldy


Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow at üstünde
Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow at üstünde
26-njy aprelde Türkmenistanyň Ahal-teke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli dabara boldy.

Bu dabara ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy we oňa welaýatlaryň ählisiniň, şeýle-de Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň adyndan, harby we kanun goraýjy organlar tarapyndan ýedi sany ahal-teke aty sowgat berildi.

Soňra halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşygy bolup, prezident Berdimuhamedow hem ýaryşa goşuldy.

Türkmen mediasy prezident Berdimuhamedowyň çapan 7 belgili Garahan atynyň pellehana birinji bolup gelendigini habar berýär.

Mundanam başga, TDH dabara gatnaşan adamlaryň prezident Berdimuhamedowyň ýeňşini ör turup, dowamly we gürrüldili elçarpyşmalar astynda garşylandygyny ýazýar.

Prezidente at çapyşygynda ozany üçin baýrak hökmünde Beghan atly bedew berildi. Prezident bu atda hem öz çapyksuwarlyk ussatlygyny görkezip, soňra ony "Galkynyş" atçylyk-sport toparyna berýändigini yglan etdi diýip, resmi habarda aýdylýar.

Atçapyşykdan soň ahal-teke atlarynyü arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiginiň, atlara bagyşlanan döredijilik işleriniň konkursynyň jemleýji tury boldy. Gorkmaz atly at iň owadan at diýip ykrar edildi.

Türkmen Bedewiniň hormatyna geçirilýän baýramçylyga gabat Türkmenistana Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň, Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanowyň gelendigi habar berilýär.

Şeýle-de bu baýrama gabat meşhur bedew Ýanardaga dikilen ýadygärligiň açylandygy habar berildi.

Eýsem Türkmen Bedewiniň baýramçylygy ýönekeý adamlarda nähili duýgulary döredýär, olar baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, ýaryşlary we beýleki çäreleri ýakyndan synlap bilýärlermi?

Biz bu soragy Türkmenistandaky habarçymyz Soltan Açylowa berdik.
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:21 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG