Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Kiýew: Häkimiň atylmagy derňeler


Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinow ýurduň günortasyndaky Harkow şäheriniň häkiminiň atylmagy bilen bagly bilelikde derňewleri geçirmegi üçin Içeri işler ministrligine we Döwlet howpsuzlyk gullugyna tabşyryk berdi.

Gennadiý Kernes 28-nji aprelde Harkowyň golaýynda welosipedde aýlanýan mahaly nämälim ýaragly adam tarapyndan arkasyndan atyldy.

Harkowyň hirurgiýa institutynyň müdiri Waleriý Boýkonyň žurnalistlere beren maglumatyna görä, Kernesiň “birnäçe organyna agyr şikes ýetipdir”.

Şeýle-de, Boýko Kernesiň huşsuz ýatandygyny we onuň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Ukrainada Russiýa tarapdary separatist protestçiler şu aýyň başynda Harkowdaky we ýurduň gündogaryndaky beýleki şäherlerdäki hökümet jaýlaryny eýeläpdiler.
XS
SM
MD
LG