Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gyrgyz aktiwistleri “GB”-ne garşy protest geçirjek diýýärler


Gyrgyzystanda hökümete degişli bolmadyk guramalar ýurduň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine” goşulmagyna garşy protest geçirmegi planlaşdyrýandyklaryny mälim etdiler.

“Gyrgyzystan Gümrük Bileleşigine garşy” atly hereketiň liderleriniň we “Reforma” hem-de “Demokratik arkalaşyk” atly partiýalaryň wekilleriniň 2-nji maýda žurnalistlere beren maglumatyna görä, köpçülikleýin protestler 5-nji maýda Bişkekde geçiriler.

Olar Gyrgyzystan “Gümrük Bileleşigine” goşulmak bilen özüniň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny ýitirer diýýärler.

Gyrgyz premýer-ministri Joomart Otorbaýew 30-njy aprelde Moskwada eden çykyşynda Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky ýol kartasynyň “praktiki taýdan tamamlanandygyny” we onuň ýakynda bileleşigiň agza ýurtlary – Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan tassyklanyljakdygyny aýtdy.

Russiýa “Gümrük Bileleşiginiň” 2015-nji ýyla çenli “Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine” öwrüljekdigini we onuň Ýewropa Bileleşigi nusgasynda boljakdygyny aýdyp, gürrüňi edilýän bileleşige öňki Sowet respublikalaryny goşmaga synanyşdy.
XS
SM
MD
LG