Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: 'Özbek bosguny ogurlandy'


Halkara günä geçiş guramasy Amnesty International Moskwanyň köçesinde alnyp gaçylan özbek bosgunynyň ykbalyndan alada bildirdi.

Günä geçiş guramasynyň beýanatynda Umyt Ýakubowyň BMG tarapyndan bosgun hökmünde resmi taýdan ykrar edilendigi aýdylýar.

Ol 29-njy aprelde BMG-niň Bosgunlar edarasyna söhbetdeşlik üçin barýan wagty, polisiýa onuň içinde oturan maşynyny ýoldan sowýar.

Beýanatda polisiýa eşigini geýen üç adamyň Umyt Ýakuwoby zor bilen miniawtobusa mündirendigi bellenýär we onuň şondan bäri hiç ýerde görülmändigi aýdylýar.

Halkara günä geçiş guramasy Ýakubowyň Özbegistana iberilen bolmagynyň ähtimaldygyny hem duýdurýar.

Ol gadagan edilen Hizb ut-Tahrir guramasynyň agzasy bolmakda güman edilip, gaýta-gaýta tussag edilensoň, 2008-nji ýylda Özbegistandan gaçmaly bolupdy.
XS
SM
MD
LG