Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: 100-den gowrak adama ýyl kesildi


Müsür sudy wezipeden çetleşdirilen yslamçy prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlarynyň 100-den gowragyna tussaglyk hökümini çykardy.

Olar adam öldürmek we zorluga meçew bermek aýyplamalary esasynda 10 ýyllap türmede oturar.

Müsüriň döwlet telewideniýesi 102 tussaga çykarylan hökümiň 3-nji maýda okalandygyny aýtdy.

Morsiniň ýene iki goldawçysyna bolsa ýedi ýyl türme tussaglygy berlipdir.

Geçen hepde başga bir sud Morsiniň gadagan edilen «Musulman doganlygy» hereketiniň goldawçylarynyň 700-e golaýyny ölüme höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG