Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda çöken köpri 11 adamy öldürdi


Hytaýda gurulýan köpri çökende 11 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.

Döwlet mediasy ýurduň günortasynda, Guaňdoň welaýatyndaky Liaňkeňkoý obasynda 3-nji maýda bolan hadysada ýaraly bolanlaryň hem bardygyny aýdýar.

Habarlarda halas edijileriň 26 adamy, aglabasy işçi, halas edendigi aýdylýar.

Bu oba ol köprini gurmaga rugsat berilmändir we gurluşygy togtatmak barada birnäçe gezek duýduryş berlipdir.

Bu proýekt üçin jogapkär üç adam tussag edildi.
XS
SM
MD
LG