Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain lideri Orsýeti aýyplaýar


Hökümet güýçleriniň gündogardaky şäherleriň birnäçesinde hökümet binalaryny basyp alan orsýetçi pitneçilere garşy «antiterror» operasiýalaryny dowam etdirmegi bilen, gündogar Ukrainada dartgynlylyk güýçlenýär.

3-nji maýda hökümet güýçleri tarapyndan daşy gabalan Slowýansk şäheriniň daşynda çaknyşyklaryň bolandygy aýdylýar. Goňşy Kramatorskde esgerler howpsuzlyk gullugyny we telewizion stansiýany pitneçilerden yzyna aldylar.

Mariupol we and Konstiantiniwka şäherlerinde hem atyşyklaryň bolandygy habar berilýär. Gündogar Ukrainadaky çaknyşyklarda iki günde 50-den gowrak öldi.

Pidalaryň köpüsi port şäheri Odessada Kärdeşler arkalaşygynyň binasynda bolan ýangynda öldi. Bu jaý orsýetçi separatistler bilen kiýewçi protestçileriň arasynda barýan söweş mahalynda köçeden zyňlan ýangyç bombasyndan ot alandyr öýdülýär.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Odessada bolan zorlukly wakalarda Orsýeti günäkärledi.

Ol 4-nji maýda günortadaky port şäherde eden çykyşynda munuň halka, Ukraina we Odessa garşy berk taýýarlanan guramaçylykly hereketdigini aýtdy.

Şeýle-de ol howpsuzlyk güýçlerini bu gandöküşikligiň öňüni alyp bilmezlikde günäledi.
XS
SM
MD
LG