Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenistan düzüwli goňşy bolsady"


Garkynlylar türkmenistanly serhetçileriň gelip, azar berýändiklerinden nägile bolýarlar.
Garkynlylar türkmenistanly serhetçileriň gelip, azar berýändiklerinden nägile bolýarlar.
Owganystanyň demirgazygyndaky Türkmenistan bilen serhetdeş sebitlerini suw almagy netijesinde, bu regionda serhet araçägi bilen bagly dawaly ýagdaýlar ýüze çykdy.

Owganystanyň Jöwzijan welaýatynyň Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary mallaryny ozalky gury ýeriň üstünde dörän adajyklara daşap, bakmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, aglaba etniki türkmenler bolan garkynlylar özlerine degişlidigini aýdýan bu sebitlere türkmenistanly serhetçileriň gelip, azar berýändiklerinden nägile bolýarlar.

Azatlyk Radiosy soňky dörän ýagdaýlar barada Garkyn etrabynyň häkiminiň orunbasary, häzirki wagt häkimiň hem wezipesini ýerine ýetiriji Gulamsahy Han bilen ýörite söhbetdeş boldy.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:04 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG