Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gargyş bir içýandyr…"


Resminiň karikaturasy
Resminiň karikaturasy
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgulary.

"Tok ýok!.."

– Mümkinmi, ýoldaş…

– "Ýoldaşlaryň" galdy geçen asyrda!
Bu gün "jenap" öňe çykdy pasyrdap.

– Mümkinmi, jenap hojaýyn?

– Anjaýyn!
Nämüçin gelepsiň – gyzyklanamok.

– Tok ýok.
Mejbur boldum huzuryňa gaýtmaga.

– Uly iliň bilýän zadyn aýtmaga,
Gör, nireden geldiň çarygňy süýräp?

– Ýoksullykdan toksuzlyga uçraýyp,
Böküp turdum gazap bilen syçraýyp.
Nirden gelemde nä çarygmy süýräp.
Et gurçuklap ýatyr, nanymam çüýräp…

– Özüňiz günäkär – tygşyt edeňzok,
Ýene bagyrýaňyz: "Tok ýok-da, tok ýok!"

Tok paýlaýan aýam käte açylýa,
Mahal-mahal ölmez-ödi eçilýän.

Irdim arzyňyzdan: "Haçan tok boljak?"
Siz meniň gapymdan haçan ýok boljak?

Gerekli öýde bar, saňa bolanok,
Çek asman paýyny – “ýok” diýdimmi – ýok!

2012 ý.

***

Gargyş bir içýandyr…

Ykbalyň ýüküni emgek deý daşap,
Kä ýokaryk galyp, kä düşüp aşak.

Adam bir gün al-asmanda gaýyp ýör,
Bir görseňem gury düzde taýyp ýör.

Ölüm öňe düşýä, ömür hol yzda,
Nazar eglenenok gelinde, gyzda.

Çagalaň şowhuny jana ýaranok,
Gan büdreýä, doga-tumar ýöränok.

Sowan çaýa dönýä durmuş tagamy…
Özüňki irensoň iliň ne gamy!

"Aý, mun-a gaýdyşyn alsaňam bolýa",
Diýp, Ezraýyl başga ýerden ýol salýa.

Suw sepilýä güwläp duran bazara,
Hyrydar ýok boşap galan gazana.

Içeriniň törün öwrüp bahara,
Adam garaşdyryp gelýä jahana,

Soňra artyk ýaşap, süýnüp ýatmasa,
Gidende bir garaşdyryp gitmese…

Bu durmuşdan algyň ýokdugy belli,
Galdyrmasaň bolýa yzyňda bergi.

Çünki bir gün soňky ýola salarlar,
Hossarlaryň uludan dem alarlar.

Bar, sen ýetmiş ýaşa, ýaşa sen segsen,
Ýöne, bigünäniň göwnüne degseň,

Bu durmuşda uzak baýnaýarmykaň,
Gaýdyp karam oýny oýnaýarmykaň?

Gargyş bir içýandyr, bir gezek çakar,
Ýygnanyň, toplanyň böwrüňden çykar.

…Özüňi pylçasaň – galjagam bolma,
Alkyş almasaňam gargyş bir alma!

2007 ý.
XS
SM
MD
LG