Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Hüjümde sekiz esger öldi


Pakistanda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan sekiz esger öldi we başga-da birnäçesi ýaralandy. Bu waka Pakistanyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän durnuksyz tire-taýpalar regionynda amala aşdy.

Maglumatlara görä, gürrüňi edilýän bomba Pakistanyň harby kerweni 8-nji maýda demirgazyk Waziristan welaýatyndaky Gulamhan obasyndan geçip barýan mahaly partladylypdyr.

Henize çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, emma gürrüňi edilýän territoriýada “Pakistanyň Talyban” hereketi agdyklyk edýär.

Pakistanyň harby resmileriniň berýän maglumatyna görä, partlamanyň bolan sebitinde derňew operasiýalary başladylypdyr. Bu hüjüm ok atyşygy bes etmek barada Pakistanyň “Talyban” hereketi bilen hökümetiň arasynda tamamlanan ylalaşykdan iki hepde soň boldy.

Pakistanyň armiýasy 10 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň ýedi sany tire-taýpalar regionyndaky yslamçy söweşijiler bilen söweşip gelýär. Ýurtda 2007-nji ýyldan bäri bolan ýowuzlyklarda takmynan 6 müň 800 adamyň ölendigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG