Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: Aklawçylar işi taşlady


Pakistandaky ýuridik firmalar adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aklawçynyň öldürilmegine protest bildirip, iş taşlaýyş yglan etdiler.

9-njy maýda Pakistanyň aklawçylary ýurduň sudlaryny boýkotlap, Raşid Rehman üçin üç günlük ýas yglan etdiler.

Aklawçylar ýurduň dolandyryjylaryndan Rehmana hüjüm edeniň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler. Henize çenli şol wakanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Pakistanyň Adam hukuklaryny goraýan komissiýasynyň kordinatory Rehman 7-nji maýda Punjab welaýatyndaky ofisinde nämälim iki hüjümçi tarapyndan birnäçe gezek atylyp öldürildi. Rehman keselhana alnyp barylýan mahaly aradan çykdy.

Şol wakada onuň başga-da iki sany kärdeşi ýaralandy.

Aklawçy Rehman dine şek ýetirmekde aýyplanýan adama wekilçilik edýärdi. Rehman bu sud işi bilen ilteşikli özüne ölüm haýbatlarynyň edilýändigini aýdypdy.

Pakistanda dine şek ýetirmekde aýyplanýanlaryň sud işini goraýan aklawçylar ekstremistler tarapyndan ölüm haýbatlaryna sezewar bolýarlar.
XS
SM
MD
LG