Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrowideniýede Awstriýa ýeňdi


Awstriýaly aýdymçy Konçita Wörst (Conchita Wurst) 10-njy maýda Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginiň 59-njy sanynyň ýeňijisi boldy.

Ol 45 ýurtdaky 180 million töweregi teletomaşaçy audtoriýasynyň öňünde “Feniks ýaly ýokary gal» ("Rise Like a Phoenix") atly balladasy bilen çykyş etdi.

Niderlandiýanyň aýdymçylar topary ikinji boldy.

Orsýetli ekizler Anastasiýa we Mariýa Tolmaçewalaryň çykşynda-da, ukrainly Mariýa Ýaremçugyň çykyşynda-da Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky dartganlyklar ýaňzydylmady.

Ukrainanyň aýdymy iň gowy 26 aýdymyň 6-njysy, Orsýetiň aýdymy bolsa 7-nji boldy.
XS
SM
MD
LG