Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Müňlerçe adam ýöriş geçirdi


Pakistanda oppozisiýanyň müňlerçe tarapdary geçen ýyldaky umumyhalk saýlawlarynda boldy diýilýän galplyklara garşy ýurduň paýtagty Yslamabatda protest geçirdi.

Bu proteste öňki kriket ýyldyzy we häzirki wagt syýasatçy Imran Han ýolbaşçylyk etdi. Bu protestlere gatnaşan takmynan 25 müň adamyň üýşmeleňi ýurduň parlament binasynyň öňünde demonstrasiýa geçirmek üçin Pakistanyň dürli künjeginden Yslamabada bardy.

Han protestçilere ýüzlenip eden çykyşynda 2013-nji ýylyň parlament saýlawlaryndaky boldy diýilýän galplyklardaky roly üçin ýurduň hökümetini tankyt etdi. Ol dört saýlaw merkeziniň netijelerine närazylygyny bildirýär.

Şeýle-de, Han ýurduň saýlaw komissiýasynyň işden çekilmegi üçin çagyryş etdi.

Pakistanda 2013-nji ýylyň maý aýynda geçirilen saýlawlar ýurduň hökümetiniň ilkinji demokratik geçişi bolupdy. Premýer-ministr Nawaz Şarifiň “Musulman Ligasy-Nun” (Muslim League-Noon) partiýasy geçen ýyldaky saýlawlarda parlamentiň 342 orunlyk ýerinde 190 orun eýeläp, hökümet başyna geçipdi.
XS
SM
MD
LG