Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany MERS-iň öňüni almaga çalyşýar


Saud Arabystanynyň saglyk resmileri Ýakyn Gündogarda MERS dem alyş sindromyndan ýene bäş adamyň ölendigi barada habar berdiler. Häkimiýetler keseliň ýaýramagynyň sebäplerini yzarlamak üçin düýelere mikroçipleri oturtmagyň planlaşdyrylýandygyny aýtdylar.

Ýurduň Saglyk ministrliginiň 13-nji maýda tassyklamagyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýene bäş adam keselçilikden ölüpdir we kesele üçran ýene sekiz adam hasaba alnypdyr. MERS ýagny dem alyş sindromyndan jemi 147 adam ölüpdir. Saud Arabystanynda kesellänleriň sany 491 adama ýetiripdir.

Ýurduň resmileri keseliň düýelerden ýokýan bolmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, düýelere mikroçipleri oturtmak planlary bilen bilelikde adamlary gorag serişdelerini ulanmaga çagyrdylar. MERS sindromynyň ýaýramagynyň öňüni almak ýa-da ony bejermek üçin derman ýok.

MERS 2003-nji ýylda Aziýada ýaýbaňlanan SARS ýagny agyr dem alyş sindromynyň has heläkçilikli, emma onçakly tiz ýaýramaýan bir görnüşi bolup durýar.
XS
SM
MD
LG