Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkiýe: Iş taşlaýyş yglan edildi


Türkiýäniň iň uly işçi bileleşigi ýurduň kömür käninde bolan waka sebäpli 15-nji maýda iş taşlaýyş yglan etdi.

Iş taşlaýyşyň başlan mahaly ýurduň resmileri hem gürrüňi edilýän wakada ölenleriň sanyny 282-ä ýetirdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan 14-nji maýda Soma etrabyndaky kömür känine eden saparyndan soň, gürrüňi edilýän waka hökümetiň jogapkärdigi baradaky aýyplamalary ret etdi.

Soma kömür käninde ölenleriň dogan-garyndaşlary Erdoganyň awtoulagyny urup, üstüne gygyrdylar we onuň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

14-nji maýda Ankarada we Stambulda Erdoganyň wezipesinden çekilmegini talap edýän müňlerçe protestçini dargatmak üçin ýurduň polisiýasy göz ýaşardyjy gazy we suw toplaryny ulandy.
XS
SM
MD
LG