Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan: Oppozision partiýa ýeňdi


Parlament saýlawlarynyň irki netijeleri oppozision “Bharatiya Janata” partiýasynyň häkimiýet başyndaky “Kongress” partiýasyndan üstün çykandygyny we onuň öz hökümetini düzmek üçin ýeterlik orun eýeländigini görkezdi.

Hindi milletçileri ýeňişini dabaralap, Hindistanda “täze eýýämiň” başlanandygyny yglan etdiler.

Hindistanyň saýlaw komissiýasyna görä, “Bharatiya Janata” parlamentiň aşaky öýünde 272 orun eýeledi. Hindistanda 1984-nji ýyldan bäri parlament saýlawlarynda ilkinji gezek bir partiýa ses köpçüligini gazanýar.

“Bharatiya Janatanyň” lideri Narendra Modi "Hindistan ýeňdi, gowy döwür ýetip gelýär”, diýip Twitterde ýazdy.
XS
SM
MD
LG