Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Twitteri gadagan etmekçi


Orsýetiň resmileri ABŞ-nyň mikroblog, ýagny gysga maglumatlary çap edýän Twitter ulgamynyň Orsýetiň çäginde böwetlenmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Orsýetiň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysynyň maslahatçysy Ruslan Gattarow “Twitteriň Orsýetiň internete gözegçilik edýän Roskomnadzor döwlet agentliginiň talaplaryny äsgermezligi kabul ederlikli däl”, diýip 16-njy maýda aýtdy. Orsýet resmisi Twitteriň hususan-da “gadagan edilen informasiýany” çäklendirmek talaby äsgermändigini mälim etdi.

“Roskomnadzor” döwlet edarasynyň metbugat-wekili Wadim Ampelonskiý 16-njy maýda “Eho Moskwy” radiosy bilen söhbetdeşliginde Twitteriň pozisiýasyny “konstruktiw däl” diýip atlandyrdy we onuň ekstremistik mazmunly maglumatlary öçürmek barada Orsýetiň Baş prokuraturasynyň talabyndan ýüz öwürendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG