Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdoganyň kömekçisi proteste sebäp boldy


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň kömekçisiniň howpsuzlyk
gulluklarynyň esgerleriniň tutup duran protestçini urmagy Türkiýede protestleri tutaşdyrdy.

15-nji maýda Türkiýäniň mediasy wakanyň suratlaryny çap etdi we protestçini urup-ýenjen resminiň Erdoganyň edarasynyň başlygynyň orunbasary we premýer-ministriň geňeşçisi Ýusuf Ýerkeldigini habar berdi.

Bu waka Erdoganyň 14-nji maýda Türkiýäniň günbataryndaky Soma eden saparynyň dowamynda boldy. Bu ýerde kömür käninde emele gelen heläkçilikde azyndan 283 adam wepat boldy.

Partlamada diri galyp, dört sagatdan soň halas edilen şahtaçylaryň biri Myrat Ýokus “partlama bolanda men smenamy gutaryp, çykylýan ýere barýardym. Men tüssäni görüp, bir zat ýanýandyr öýtdüm”, diýip 16-njy maýda Reuters agentligine gürrüň berdi.

Partlamanyň bolan ýerine syýahat eden Erdogana garşy çykyş eden gahar-gazaply protestçileriň we polisiýanyň arasynda emele gelen çaknyşyk premýer-ministri supermarketde gizlenmäge mejbur etdi.

Ýerkel 15-nji maýda gynanç bildirip çykyş etdi, şol bir wagtda-da özüniň mejbur edilendigini aýtdy. Kömür käninde heläkçiliginiň bolan ýerine 15-nji maýda Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül hem bardy.
XS
SM
MD
LG