Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Dokuz esger öldürildi


Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýurduň gündogaryndaky Russiýa tarapdary separatistler bilen bolan çaknyşyklarda ukrain howpsuzlyk güýçlerinden dokuz adamyň öldürilendigini habar berýär.

Bu ministrligiň metbugat wekili Bohdan Senkiň 22-nji maýda beren maglumatyna görä, ýurduň Wolnowaha regionyndaky ukrain barlag-gözegçilik nokadyna separatistleriň hüjüm etmegi netijesinde sekiz esger ölüp, başga-da 17 sanysy ýaralanypdyr. Gürrüňi edilýän region separatistleriň gözegçiligindäki Donetsk şäherinden 20 kilometr günortada ýerleşýär.

Senkiň sözlerine görä, ýurduň Lugansk regionyndaky separatistler bilen bolan çaknyşyklarda hem başga-da bir ukrain esgeri ölüpdir.

Bu aralykda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 22-nji maýda beren maglumatynda harby uçarlary we ýaraglary daşaýan birnäçe otlynyň Russiýanyň Ukraina bilen araçäginde ýerleşýän Belgorod, Brýansk we Rostow regionlaryny terk edendigi mälim edildi.
XS
SM
MD
LG