Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Eýran: Ýadro ylalaşygyna ýetmek “örän ähtimal”


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani yslam respublikasynyň ýadro programmasy boýunça Tähran bilen dünýäniň iri alty döwletiniň arasyndaky soňky ylalaşygyň 20-nji iýulda gazanylmagynyň “örän ähtimaldygyny” aýtdy.

Şanhaýda dowam edýän regional howpsuzlyk forumyň çäginde 22-nji maýda žurnalistlere beren maglumatynda Rohani “Biz bu [ylalaşygy] gazanyp bileris” diýdi.

Rohaniniň bu çykyşy 16-njy maýda Wenada Eýranyň hem-de Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Germaniýanyň arasynda geçirilen ýadro gepleşikleriň dördünji tapgyrynyň hiç hili öňe gidişiksiz tamamlanmagyndan soň boldy.

Ýöne Halkara atom energiýa gullugynyň 21-nji maýda beren maglumatynda Eýranyň özüniň ýadro programmasy barada uzak wagtdan bäri görmezden gelýän meselelerine 25-nji awgusta çenli jogap bermäge razy bolandygy mälim edilipdi.
XS
SM
MD
LG