Gazagystanyň paýtagty Astananyň polisiýasy öz hususy mellekleriniň hökümet tarapyndan elinden alynmagyna garşy protest geçiren ýedi aýaly tussag etdi.
Zenanlar ýaş çagalary bilen bilelikde 27-nji maýda parlamentiň binasynyň öňünde ýöriş geçiren wagtynda polisiýa tarapyndan saklandy. Olar öz şikaýatyny häkimiýetlere gowşurmagy planlaşdyrypdy.
Soňky hepdelerde Astanada şuňa meňzeş wakalaryň ençemesi boldy.
Protestçiler ýerli häkimiýetleriň raýatlaryň hususy emlägini yzygiderli elinden alýandygyny we bu hereketini “döwletiň zerurlyklary” bilen düşündirýändigini, emma köplenç bu ýerde ýerli häkimiýetler we telekeçiler üçin hususy jaýlaryň gurulýandygyny aýdýarlar.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok