Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​​Inguş lideri haýbat atdy


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Inguşystanyň lideri respublikadaky bikanun ýaragly toparlaryň dogan-garyndaşlary yslamçy gozgalaňlary bes etmekleri üçin öz ýakynlaryny ynandyrmakda şowsuz bolsalar, söweşijileriň dogan-garyndaşlaryny “jezalandyryp” biljek çäreleri durmuşa gecirmek bilen haýbat atdy.

Ýunus-Bek Ýewkurow terroçylykda güman edilýänleriň suratlaryny tutuş respublikanyň çägine ýaýratjakdygyny, şeýlelikde, pida bolanlaryň dogan-garyndaşlarynyň şübheliniň maşgalasynda ar alyp biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, ol söweşijileriň dogan-garyndaşlary öz çagalaryny ýa-da doganlaryny adaty durmuşa dolanmaga ynandyryp bilmeseler, Inguşystandaky ýolbaşçylaryň ýurtda däp bolan gan döküşik dawalarynyň amala aşyrylmagyna rugsat bermäge mejbur edilip bilinjekdigini sözüne goşdy.

Ýewkurow 27-nji maýda gozgalaňlary bes edip, özüni resmilere tabşyrjak söweşijileriň iň az jeza möhleti bilen jezalandyryljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG