Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan: “Talybandan” bir bölüm aýryldy


“Pakistanyň Talyban” hereketiniň bir bölümi söweşijileriň esasy toparyndan bölünip aýrylýandygyny mälim etdi. Halid Mehsudyň ýolbaşçylygyndaky bu bölüm “Said Sajna” ady bilen hem tanalýar.

Bu bölümiň metbugat wekili Azam Tarik ýurduň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýän Günorta Waziristandaky bu bölümi mundan beýläk “Tahrik-e Talyban Pakistan” hereketiniň bir bölegi däldigini aýtdy.

Bölümiň ýaýradan beýanatynda “Tahrik-e Talyban Pakistan” hereketiniň adamlardan bir zady zorlap almak, adamlary girew tölegi üçin alyp gaçmak we beýleki jenaýatlary amala aşyrandygy öňe sürlüp, hereket bilen bölümiň arasynda tapawutlyklaryň bardygy aýdylýar.

Şeýle-de, maglumatda hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmekde bölüm bilen “Tahrik-e Talyban Pakistan” hereketiniň arasynda düşnüşmezlikleriň bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG