Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa Bişkege $1,2 milliard berer


Gyrgyzystanyň ykdysadyýet ministri Bişkegiň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük Bileleşigine” goşulmagyna ýardam bermek üçin Moskwanyň 1,2 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe kömegini berjekdigini aýtdy.

Temir Saryýew 30-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 1 milliard amerikan dollaryň Moskwa tarapyndan Gyrgyzystana uzak möhletleýin karz hökmünde beriljekdigini aýtdy. Galan 200 million amerikan dollaryň bolsa, Gyrgyzystanyň “Gümrük Bileleşigine” goşulmak baradaky “ýol kartasynyň” durmuşa geçirilmegine kömek etmek maksady bilen Russiýa tarapyndan grant hökmünde beriljekdigini belledi.

Gürrüňi edilýän ýol kartasyna 29-njy maýda Gazagystanyň paýtagty Astanada “Gümrük Bileleşigine” agza ýurtlaryň prezidentleri – Russiýanyň lideri Wladimir Putin, Gazagystanyň lideri Nursultan Nazarbaýew we Belarusyň lideri Alerksandr Lukaşenko hem-de Gyrgyzystanyň lideri Almazbek Atambaýew tarapyndan gol goýuldy.
XS
SM
MD
LG