Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda 12 adam öldürildi


Owgan resmileri gündogar Owganystanda ýol ýakasynda partlan bombanyň asuda ilatdan 12 adamy, şol sanda ýedi aýaly öldürendigini aýdýarlar.

31-nji martdaky bomba hüjümi Gazni welaýatynyň Giro etrabynda amala aşyryldy.

Etrap häkimi pidalaryň awtoulagly toýa barýan wagty bombanyň üstünden gelendiklerini aýtdy.

Bu partlamada ýene iki adam ýaraly bolupdyr.

Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan bolmady, emma ýol ýakasynda bomba goýmak köplenç talyban jeňçileri tarapyndan ulanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG