Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luhansk: Serhetçilere hüjüm edildi


Orsýete tarapdar ýaragly gozgalaňçy, Luhansk, 1-nji iýun, 2014.
Orsýete tarapdar ýaragly gozgalaňçy, Luhansk, 1-nji iýun, 2014.
Ukrainanyň Serhet gullugy şu gün öz Lugansk regionyndaky bir bazasynyň Orsýete tarapdar gozgalaňçylaryň ýüzlerçesiniň hüjümine sezewar bolandygyny aýtdy.

Serhet gullugy 2-nji iýunda irden edilen bu hüjümiň yzysüre başlanan söweşleriň henizem dowam edýändigini habar berdi.

Azyndan bäş sany pitneçiniň öldürilendigi we sekizisiniň-de ýaralanandygy barada aýdylýar. Serhetçilerden hem ýedi adam ýaralanypdyr, olaryň käbiri agyr ýagdaýda.

Separatistleriň metbugat wekili diňe bir adamyň ýaralanandygyny tassyklady.

Soňky çaknyşyklar

Serhet gullugy gozgalaňçylary ýaşaýyş jaýlarda bukulyp, raýatlary diri galkan hökmünde ulanmakda aýyplady. Gullugyň metbugat wekili, howadan berlen ýardama daýanyp, serhetçileriň “pitneçileriň iki sany mina atyjy ýaragyny” ýok edendiklerini habar berdi.

Donetsk regionynda gozgalaňçylaryň gozegçiligindäki Slawýansk şäherinde hem täze çaknyşyklar boldy. Separatistleriň “garaşsyz” respublikalar diýip yglan eden Donetsk we Lugansk regionlarynda separatistleriň we hökümet güýçleriniň arasynda ençeme hepde bäri söweşler dowam edýär.

Soňky hepdede söweşler hasam güýçlendi, Orsýete tarapdar pitneçiler Donetskiniň aeroportyny eýelemäge synanyşdylar we bu aralykda bir harby dikuçary urup ýykyp, ukrain harbylaryndan 14 adamynyň ölümine sebäp boldular.

Orsýetiň ädimleri

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gündogar Ukrainadaky söweşleri derhal bes etmegi talap etdi. Lawrow Orsýetiň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine rezolýusiýany teklip edip, gepleşikleriň başlanmagyny we raýatlaryň söweşleriň gidýän ýerini terk etmegi üçin ýol berilmegini talap etjekdigini aýtdy.

Lawrow 2-nji iýunda Moskwada eden bu beýannamasynda Günbatar döwletleriniň Orsýete Ukrainadaky ýagdaýyň 25-nji maýda bolan prezidentlik saýlawlaryndan soň gowulanjagyny wada berendiklerini aýtdy.

Emma Lawrow gowulyga derek “bar zat düýpden ters tarapa özgerýär” diýip belledi.
Ol bu barada: “Biz Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaý bilen bagly örän aladalanýarys. Adamlar her gün heläk bolýarlar we raýatlar gitdigiçe köp ejir çekýärler” diýip, öz hökümetiniň pozisiýasyny beýan etdi.

Orsýet şu aýda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýönekeý agzalykdan baş agzalyga geçýän tertipde ýolbaşçylyk edýär.

ABŞ-nyň ýardamy

Şol bir wagtyň özünde-de 2-nji iýunda Kiýewe sapar eden ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi Waşingtonyň we onuň ýaranlarynyň Kiýewe mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Derek Çollet 2-nji iýunda Kiýewde Ukrainanyň media merkezinde eden çykyşynda: “Biz mundan beýläk-de [Ukraina] ýardam bermäge gyzyklanma bildirýäris” diýdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň kömekçisi Derek Çollet göz öňünde tutulýan bu ýardamyň detallaryny mälim etmedi
XS
SM
MD
LG