Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Obama Ýewropa “hiç wagtda ýeke galmaz” diýdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Russiýanyň Ukraina goşulyşmagyndan soň, Polşanyň we NATO-nyň ýarany beýleki Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge Birleşen Ştatlaryň “ýanbermez” yhlaslydygyny aýtdy.

4-nji iýunda Warşawada eden çykyşynda Obama “Polşa hiç wagtda ýeke galmaz. Estoniýa hiç wagt ýeke galmaz. Latwiýa, Litwa, Rumynýa hiç wagtda ýeke galmaz” diýdi.

Obama 1989-njy ýylda Polşada geçirilen ilkinji demokratik saýlawlaryny bellemek dabaralaryna gatnaşmak üçin Warşawa bardy. Ol köpçüligiň öňünde eden çykyşynda “biz Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegini we Ukrainanyň özygtyýarlylygyny bozmagyny kabul etmeris” diýdi.

Şeýle-de, ol Ukrainada “rus öjükdirmeleriniň artmagy Moskwany has üzňeleşdirer we bu ýagdaý Russiýa üçin gaty gymmada düşer” diýdi.
XS
SM
MD
LG