Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Medwedew “G7”-niň beýanatyny tankyt etdi


Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ykdysady taýdan dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň liderleri tarapyndan ýaýradylan beýanaty tankyt etdi. Gürrüňi edilýän beýanatda Russiýanyň kabul edip bolmajak görnüşde Ukrainanyň özygtyýarlylygyna goşulyşandygy aýdylyp tankyt edilýär.

5-nji iýunda Russiýanyň hökümet ýygnagynda eden çykyşynda Medwedew 4-nji iýunda “G7” diýlip atlandyrylýan döwletler tarapyndan ýaýradylan beýanaty “çäksiz bihaýalyk” diýip atlandyrdy hemem şol beýanatyň Ukrainadaky separatist gozgalaňçylar meselesi babatynda Kiýewiň öz pozisiýasyny dowam etdirmegine höweslendirýändigini aýtdy.

Şeýle-de, Medwedew ýurtda bosgunlaryň bolmandygy barada ukrain hökümetiniň aýdanlaryny ýiti tankyt etdi.

Medwedew şol sözleriň “ýalandygyny” belläp, “Russiýanyň Rostow regionyna her gün 3 müň çemesi adam gelýär” diýdi. Şeýle-de, ol Ukrainadan Russiýanyň beýleki territoriýalaryna barýan bosgunlaryň sanynyň has köpdügini sözüniň üstüne goşdy.

Medwedew Ukrainadan Russiýa baran şol bosgunlaryň takmynan 4 müň sanysynyň bosgunlyk statusyny almak üçin resmi haýyşnama bilen rus resmilerine ýüz tutandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG