Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Putin bilen Poroşenko söhbetdeşlik geçirdi


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Ukrainanyň prezidenti wezipesine saýlanan Petro Poroşenko Fransiýada II-nji jahan urşy döwründe Ýaran güýçleriň Narmandiýa goşun salmagynyň ýatlama gününiň çäginde gysga gürrüňdeşlik geçirdiler.

Maglumatlarda 6-njy iýunda geçirilen dabaranyň çäginde dünýä liderleri toparlaýyn surata düşenden soň, Putiniň, Poroşenko we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gysga gürrüňdeşlik geçirendigi aýdylýar.

Putin bilen Poroşenkonyň arasynda resmi ýygnagyň geçiriljekdigi barada henize çenli köpçülige maglumat ýaýradylmady.

Fransiýada II-nji jahan urşy döwründe Ýaran güýçleriniň Narmandiýa goşun salmagynyň 70-nji ýyldönümi Ukrainadaky krizis babatda dünýäde dartgynlylyk dowam edýän mahaly amala aşdy.
XS
SM
MD
LG