Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Donetsk: Separatistler keselhanany eýelediler


Ukrainadaky Russiýa tarapdary separatistler ýurduň gündogaryndaky Donetsk şäheriniň keselhana jaýyny bölekleýin ele saldylar.

Regional administrasiýanyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, separatistler keselhanany ýaralanan söweşijileriň saglyk bejergisini almaklary üçin ulanmak isleýärler.

Bu aralykda Ukrainanyň serhet gullugynyň beren maglumatyna görä, güýçli ok atyşyklardan soň, Donetks we Lugansk regionlarynyň Russiýa bilen serhetleşýän sekiz geçelgesi 6-njy iýunda wagtlaýynça ýapylypdyr.

Ukrainanyň hökümeti separatist söweşijileriň Russiýanyň serhedinden ýurda geçýändigini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG